Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13470-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 355 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 18, 2021 10:34 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 355 adamyň ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 355 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 116,791-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 12,847 täze hassanyň tapylandygyny yglan etdi.

Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 5,408,860 adama ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 4 million 736 müň 896 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.

Resmi maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde 228 milliondan gowrak adama ýokaşdy we 4 million 694 müňden gowrak adam Covid keselinden öldi.