Eýranyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Eýranyň Daşary işler ministri Duşenbede Täjigistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy.
Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirajuddin Mehraddin bilen bolan duşuşygynda Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian Täjigistan hökümetine we prezidentine Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agzalygyny kabul etmekde beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň arasyndaky ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giňelmegine goldaw berdi.
Amir Abdullahian, iki ýurduň dini, taryhy, medeni we dil umumylyklaryny göz öňünde tutup, sebit we halkara arenalarynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri Owganystandaky ýagdaý barada durup geçip, Täjigiler, Puştunlar, Hazaralar we beýlekiler ýaly ähli etnik toparlaryň wekilleri bilen ählileri öz içine alýan hökümetiň döredilmeginiň bu ýerde durnuklylygy, parahatçylygy we ösüşi dikeltmegiň ýeke-täk ýoludygyny aýtdy.
Täjigistan Daşary işler ministri hem, Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agzalygyny kabul etmegi bilen gutlady we bu meseläni Eýran bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilik diýip hasaplady.
Ol şeýle-de Owganystandaky wakalara ünsi çekip, häzirki ýagdaýda bu ýurduň halkyna ynsanperwer kömeginiň zerurlygy bilen baglanyşykly ähli etnik toparlaryň gatnaşmagynda öz içine alyjy hökümet gurmak pikirini aýtdy.