Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Siziň gahrymançylykly habaryňyz umyt we şadyýanlyk sargydydyr
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri şu gün irden (şenbe) Tokio Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň medal gazananlary bilen bolan duşuşygynda Eýran gahrymanlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek bilen ýurduň buýsançly türgenleriniň halkara ýaryşlaryndaky iň möhüm habary, göz öňüne getirip bolmajak işleri ýerine ýetirmek we çydamlylyk, umyt we şadyýanlyk habaryny jemgyýete we ýaşlara ýetirmek mümkinçiligidir diýip nygtadylar.
Bu duşuşykda Aýatolla Hameneýi Hezretleri dünýä sportlarynda sagdyn bolmadyk we erbet suratyndaky kä gahramançylyklara we medallaryň gazanylmagyna yşarat etmekleri bilen Adalatsyz kazawat etmek, syýasy dildüwüşik etmek, para bermek we dopiň etmekden başga-da, watana dölüklik etmek we jelepçilik arkaly medal gazanmak erbet gahrymançylygyň mysalydyr diýip beýan etdiler.
Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de gahrymançylyk bilen birlikde adamkärçilik, dini we ruhy gymmatlyklaryň ýüze çykmagyny gaty gymmatly diýip atlandyrdy we Olimpiýa we Paralimpiýa ýaryşlarynda bu hadysalaryň mysallaryna ünsi çekdi we şeýle diýdi: Bu ýaryşlarda eýranly zenan türgenler, yslam hijabynyň syýasat, ylym we dolandyryş ugurlarynda subut edişleri ýaly sport pudagynda üstünlik gazanmagyň öňüni almaýandygyny subut etdiler diýip aýtdylar.
Aýatolla Hameneýi Hezretleri sport meýdançalarynda jenaýatçy sionist režimiň ykrar edilmezligi meselesini gaty möhüm mesele hasaplamak bilen rehimsiz, nesil gyryjy we bikanun sionist režim halkara sport meýdançalaryna gatnaşyp kanunylyk gazanmaga synanyşýar we ulumsy dünýä oňa kömek edýär, ýöne abraýly sport işgärleri we türgenler bu ugurda asla passiw we gowşak bolmaly däldirler diýip nygtadylar.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Sionist režimiň we onuň tarapdarlarynyň türgenleri mahrum etmek baradaky özara hereketlerine ünsi çekip, şeýle diýdiler: Sport ministrligi we Daşary işler ministrligi we hukuk ulgamy bu meseläni kanuny ýollar bilen yzarlamaly we ýurduň türgenlerine, hatda ýaňy-ýakynda gadagan edilen Al Algerirli türgen ýaly beýleki ýurtlaryň musulman türgenlerine goldaw bermeli.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri şeýle-de, buýsançly eýranly türgeniň medal almak üçin jenaýatçy režimiň wekili bilen elleşip bilmejekdigini we hakykatdanam ony ykrar edip bilmejekdigini aýtmak bilen bu mesele öňde bardy we geçmişde beýleki ýurtlardan gelen türgenler Günorta Afrikadaky aparteid režiminiň wekilleri bilen ýaryşmakdan ýüz öwürdiler we birneme wagt geçensoň bu režim ýykyldy we sionist režimi hem ýok ediler diýip sözlerine goşdylar.