Amir Abdullahian we Guterres sebit we BMG bilen hyzmatdaşlyk barada gürleşdiler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13584-amir_abdullahian_we_guterres_sebit_we_bmg_bilen_hyzmatdaşlyk_barada_gürleşdiler
Penşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian BMG Baş Assambleýasynyň çäginde BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres bilen duşuşyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy we sebitdäki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 24, 2021 07:01 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian we Guterres sebit we BMG bilen hyzmatdaşlyk barada gürleşdiler

Penşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian BMG Baş Assambleýasynyň çäginde BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres bilen duşuşyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy we sebitdäki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Duşuşygyň başynda Eýranyň Daşary işler ministri, Baş sekretara konstruktiw garaýşy we dünýä parahatçylygy ugrundaky tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi we Eýran bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, esasanam Baş sekretarlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň hemişe ýakyn we hormat goýmak esasyndadygyny aýtdy.

Huseýin Amir-Abdullahian, Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryny goldaýandygyny we Birleşen Milletler Guramasynyň bitarap we adalatly pozisiýalaryny garşy alýandygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri BMG-nyň sebitdäki çynlakaý we konstruktiw rolynyň öňküsinden has zerurdygyna salgylanyp Palestinden Siriýa, Ýemene we Owganystana çenli BMG-nyň adalatly we jogapkärli bolmagy zerurdyr diýdi.

Amir Abdullahian sözüni dowam etdirp: Amerikanyň Birleşen Ştatlary milletlere we öz syýasy maksatlaryna garşy sanksiýalary we terrorçylygy ulanýar, iň aýdyň mysaly Sardar Soleýmanyň gorkaklyk bilen terror edilmegi boldy diýip nygtady.

Duşuşygyň dowamynda, BMG-nyň Baş sekretary Eýran Yslam Respublikasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy beýan etdi we Eýrany onlarça ýyl bäri tanaýandygyny we dürli jogapkärçiliklerde Eýrana gidendigini aýtdy.

Guterres şeýle-de ABŞ-nyň ýadro şertnamasyndan çekilmegini ret etmekde BMG-nyň prinsipial pozisiýasyna ünsi çekip, ýadro şertnamasyny elmydama goldaýandygyny aýtdy.

BMG-nyň Baş sekretary BMG-nyň Ýemen ýaly sebit meseleleri boýunça Eýran bilen geňeşmeleriniň we hyzmatdaşlygynyň hemişe dowam edýändigini ýada salyp Birleşen Milletler Guramasy Yslam Respublikasy bilen has giň hyzmatdaşlygy goldaýar diýdi.

Antonio Guterres Eýranyň Owganystandaky pozisiýasyny prinsipial mesele diýip atlandyrdy we hökümetdäki ähli toparlaryň sesini eşitdirmek üçin Owganystanda giňişleýin hökümet gurulmalydygyny aýtdy.