Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 288 adamyň ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 288 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 119,360-a ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 13,792 täze hassanyň tapylandygyny we olardan bir müň 900-den gowragynyň keselhanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.
Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 5,533,520 adama ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 4 million 944 müň 87 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.
Resmi maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde 232 milliondan gowrak adama ýokaşdy we 4 million 758 müňden gowrak adam kowid-19 keselinden öldi.