Hatibzadeh: Demirgazyk-günbatar serhedinde türgenleşik geçirmek dolandyryş meselesidir
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary demirgazyk-günbatar serhetýaka sebitlerinde türgenleşikleriň tutuş sebitiň parahatçylygy we durnuklylygy üçin dolandyryş meselesidigini aýtmak bilen Yslam respublikasy, serhetleriniň golaýynda sionist režimiň bolmagyna ýol bermez we howpsuzlygy üçin zerur hasaplaýan çäreleri görer diýdi.
Said Hatibzadeh, Azerbaýjanyň prezidentiniň metbugatda aýdan sözleri baradaky habarçylaryň beren sowalyna jogap edip: Iki ýurduň arasynda gowy we hormat esasynda gatnaşyklar bar we iki tarapyň arasyndaky adaty aragatnaşyk kanallary iň ýokary derejede bolýan wagtynda, şeýle sözleriň aýdylmagy geň galdyryjy zatdyr diýdi.
2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Ermeni güýçlerine edilen harby hüjümiň ýyl dönümi mynasybatly hatynda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew geň we görlüp-eşidilmedik ädim ätdi. Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti öz çykyşynda Eýrany Ermenistanyň ýerine Azerbaýjan respublikasy üçin täze daşary ýurt duşmany diýip kesgitledi.
Hatibzadeh sözleriniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy haýsydyr bir territorial basybalyşa garşydygyny elmydama mälim edendir we ýurtlaryň territorial bitewiligine we halkara derejesinde ykrar edilen serhetlere hormat goýmagyň zerurdygyny aýdandyr diýdi. Şol bir wagtyň özünde, hoşniýetlilige syn etmek ähli goňşularyň garamagyna garaşylýan iň möhüm meseleleriň biridir.