Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13678-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 239 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 28, 2021 14:05 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 239 adamyň ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 239 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 119,888-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 11,701 täze hassanyň tapylandygyny we olardan bir müň 821-den gowragynyň keselhanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.

Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 5,559,691 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 4 million 988 müň 109 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.

Şu wagta çenli ýurtda 31 million 976 müň 745 kowid 19 anyklaýyş synagy geçirildi.