Yragyň Kürdüstan sebiti sionistler üçin amatly ýere öwrülmez
Eýranyň mejlisindäki Şerif Kudsy azat ediş garşylyk fraksiýasynyň başlygy Erbildäki sionist sammitini ýazgaryp: Yrak kürtleri kürt sebitiniň sionistleriň gaçybatalgasyna öwrülmegine ýol bermezler diýdi.
Ahmad Huseýn Fallahi Yragyň hökümeti tarapyndan ýazgarylan sionist regimeim bilen ylalaşyk meselesinde Yragyň Erbil şäherinde sionistleriň ýygnagynyň geçirilmegini tankytlap: Yrak Kürdüstandaky käbir tire-taýpa ýolbaşçylary ýyllar bäri amerikanlara ýaşyl yşyk görkezendirler, bu bolsa ABŞ-nyň goşunynyň bu sebitde ýerleşmegini we sionist liderleriň sebite gelip gitmeklerine rugsat berendir diýdi.
Fallahi sözüniň dowamynda şonuň üçin bu ýygnag Yrak Kürdüstanda sionist režim üçin beýle ýygnaklaryň ilkinji gezek geçirilmegi däl, şeýle-de bolsa, Kürdüstan sebitiniň yhlasly halky käbir tire-taýpa ýolbaşçylaryna sionist režim bilen esassyz eglişik etmäge rugsat bermezler diýdi.
Eýranyň bu parlament wekili şeýle-de Yragyň territorial bitewiligini saklamagyň ýurduň gyzyl çyzygydygyny we Palestina ideallarynyň goralmagyna ýörite üns berýändigine yşarat edip: Yrak hökümeti bu ýygnagy gurnaýjylar bilen aýratyn duýgurlyk we aýgytly çemeleşmelidir diýdi.
Aýdmak gerek Yragyň kazyýet ulgamy Erbilde Sionist režim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak konferensiýasyna gatnaşan başga-da birnäçe adamy tussag etmegi buýurdy.
Şenbe güni Yragyň Kürdüstan sebitiniň paýtagty Erbil şäherinde sionist režgim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin konferensiýa geçirildi, bu Yrak häkimiýetleriniň, syýasy we dini akymlaryň, arap we yslam ýurtlarynyň reaksiýasyny döretdi.