Amir Heýdari: "Haýber ýeňijiler" türgenleşigi Eýranyň demirgazyk-günbatar sebitinde geçiriler
Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi: "Haýber ýeňijiler" türgenleşigi Eýranyň demirgazyk-günbatar sebitinde geçiriler diýip yglan etdi.
Goşunyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna görä, goşunyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi Brigada generaly "Amir Kiomars Heydari": "Haýber ýeňijiler" türgenleşigi ertir (anna) ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde birnäçe goşunyň gury ýer bölümleriniň gatnaşmagynda başlar diýdi.
Goşunyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi sözüniň dowamynda "Haýber ýeňijiler" türgenleşigi ertir demirgazyk-günbatar sebitde howa güýjüň dikuçarlarnyň goldawy bilen we sowutly bölümleriň, artilleriýa, uçarmansyz howa ulaglary bilen başlar diýdi.
Goşun serkerdesi sözüni dowam etdirip: Ýaragly Güýçleriň bu sebitde we ýurduň dürli künjeklerinde alyp barýan türgenleşikleri jikme-jik meýilnamalaşdyryşa deňdir we ýaraglary, enjamlary we Eýranyň her sahnasynda ýaragly güýçleriň taýýarlygyny synamakdyr diýdi.