Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13698-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 268 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 30, 2021 12:41 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 268 adamyň ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 268 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 120,428-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 14,078 täze hassanyň tapylandygyny we olardan bir müň-den gowragynyň keselhanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.

Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 5,587,040 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 5 million 31 müň 692 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle-de geçen bir gije gündiziň boýunda ýurtda 1,171,780 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.