Amir Abdullahian: Sardar Soleýmanyň sebitde aýratyn roly bardy
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi Sardar "Ysmaýyl Gaani" bilen duşuşygynda: Terrorçylyga we sionizme garşy göreşiň gahrymany Sardar Soleýmanyň aýratyn roly bolmadyk bolsa, sebitimiz şu gün başgaça bolardy.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, duşuşykda Hüseýin Amir Abdullahian eger DAEŞ Siriýada we Yrakda üstünlik gazanan bolsa, şu gün bütin dünýä terrorçylyga we ekstremizme sezewar bolardy diýdi.
Eýranyň Daşary syýasat bölüminiň başlygy şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, sebitiň ýurtlary bilen parahatçylygy we dostlugy gurmakda we terrorçylyga garşy göreşde Parahatçylyk serkerdesi Haj Gasem Soleýmanyň ýolundan buýsanç bilen ýörär diýdi.
Huseýin Amir Abdullahian şeýle-de Sebitleýin we global howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmekde uly paýy bolan Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçlerini serhetsiz esger diýip atlandyrdy.
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi brigada generaly Ysmail Gaani hem beýik şehit Sardar Haj Gasem Soleýmanyň we Eýranyň Daşary işler ministrliginiň şehitleriniň hatyrasyna hormat goýup Daşary işler ministrliginiň Eýran Yslam Respublikasynyň milli bähbitlerini üpjün etmekdäki aýratyn we möhüm ornuna ünsi çekdi.