Hatibzadeh: Eýran ýadro şertnamasyndan başga hiç hili borçnamany kabul etmeýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13702-hatibzadeh_eýran_ýadro_şertnamasyndan_başga_hiç_hili_borçnamany_kabul_etmeýär
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň ýadro şertnamasyndan başga hiç hili borçnamany kabul etmejekdigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 30, 2021 15:09 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Eýran ýadro şertnamasyndan başga hiç hili borçnamany kabul etmeýär

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň ýadro şertnamasyndan başga hiç hili borçnamany kabul etmejekdigini aýtdy.

Parahatçylyk üçin Normandiýa halkara konferensiýasynyň çäginde Pariža sapar eden Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh "Le Monde" gazeti bilen söhbetdeş bolanda Eýran gepleşikleri nädip dowam etdirmelidigini ara alyp maslahatlaşýar we bu mesele gepleşikleriň hökman boljakdygyny aňladýar diýdi.

Hatibzadeh sözüniň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary şertnamany terk eden, birtaraplaýyn sanksiýalary girizen, eýran halkyna ejir çekdiren we Eýranyň ykdysadyýetine milliardlarça dollar zyýan ýetiren tarapdyr, ol diňe bir Eýrany däl, eýsem Eýran bilen söwda etmek isleýän ýaranlaryny hem jezalandyrdy diýip beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary amerikalylaryň sanksiýalara basyş guraly hökmünde garamagyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Hatibzadeh Ýewropanyň hiç bir borçnamasy ýerine ýetirilmedi,  şondan gelende Ýewropa Eýranyň ýadrolyk borçlaryny azaltmak barada alada edýär diýmek bilen iň bäride aýdyp boljak zat, olda bu şertler zalymlykly bolmasa-da, adalatsyzdyr diýdi.

Hatibzadeh: Eýran Siriýada huzurlydyr, sebäbi bu ýurt terrorçylar üçin jennete öwrülipdi, galy bersede Siriýanyň hökümeti, Orsýetiň bolşy ýaly, Eýrandan bu ýurtda bolmagy isläpdi diýdi.

Hatibzadeh sözüni Eýranyň Yrak bilen gatnaşyklary taryhy, ilin we köptaraplaýyn gatnaşyklar diýip dowam etdirdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, Owganystanyň geljeginde halkyň islegi durmuşa geçirilmeli we giňişleýyn hökümet gurulmaly we bu ýurt mundan beýläk hiç bir daşary ýurduyň bazasyna öwrülmeli däldir.