Şamhani: Goňşular daşary ýurtlularyň erbetliginden we bölünişiginden ägä bolmaly
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13750-Şamhani_goňşular_daşary_ýurtlularyň_erbetliginden_we_bölünişiginden_ägä_bolmaly
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary beýik we kuwwatly Yslam respublikasyny goňşularyna hoşniýetli diýip atlandyrmak bilen goňşular daşary ýurtlularyň erbetliginden we bölünişiginden habardar bolmalydyrlar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 02, 2021 18:31 Asia/Ashgabat
  • Şamhani: Goňşular daşary ýurtlularyň erbetliginden we bölünişiginden ägä bolmaly

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary beýik we kuwwatly Yslam respublikasyny goňşularyna hoşniýetli diýip atlandyrmak bilen goňşular daşary ýurtlularyň erbetliginden we bölünişiginden habardar bolmalydyrlar diýdi.

Tele-Radio habar gullugynyň habaryna görä; Ali Şamhani şahsy sahypasynda internet giňişliginde şeýle ýazdy: "Uly we kuwwatly Eýran goňşularyna mydama hoşniýetlilik bildirdi we hiç wagt olara howp abandyrmady. Meseleler sebitdäki ähli ýurtlaryň hyzmatdaşlygy we duýgudaşlygy bilen çözüler."

Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, kesekileriň ornamaklary bidüzgünçiliklerden we bölünişiklerden başga täsiriň ýokdygyny aýtmak bilen goňşularymyzy bu meselede hüşgär bolmaga we olardan daşda durmaga çagyrýarys diýdi.