Amir Abdullahian: Eýranyň serhediniň golaýynda galp sionist režimiň bolmagyna asla ýol bermeris
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13752-amir_abdullahian_eýranyň_serhediniň_golaýynda_galp_sionist_režimiň_bolmagyna_asla_ýol_bermeris
Şenbe güni agşam Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri sebitiň çägindäki üýtgeşmeleriň Eýran üçin kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy we Eýran Yslam Respublikasynyň öz serhetleriniň ýakynynda galp sionist režimiň bolmagyna asla ýol bermejekdigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 03, 2021 08:14 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Eýranyň serhediniň golaýynda galp sionist režimiň bolmagyna asla ýol bermeris

Şenbe güni agşam Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri sebitiň çägindäki üýtgeşmeleriň Eýran üçin kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy we Eýran Yslam Respublikasynyň öz serhetleriniň ýakynynda galp sionist režimiň bolmagyna asla ýol bermejekdigini aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasyndaky käbir meseleler barada Eýranyň teleýaýlymynyň "Negah-e Yek" programmasynda  çykyş eden "Hosseýn Amir-Abdollahian", sionistleriň we terroristleriň iki ýurdyň arasyny degişdirmek  baradaky tagallalaryna salgylanyp Eýran Yslam Respublikasy meselelere duýgurlyk we tutanýerlilik, şeýle hem Azerbaýjan respublikasy ýaly goňşularyna dostlukly garaýyş bilen gözegçilik edýär we yzarlaýar diýip yglan etdi.

"Amir Abdullahian" şeýle-de Garabag azat bolandan soňra sebite käbir terrorçylyk hereketleriniň gelendigini we sionist režimiň hem bu dartgynlygy ulanmaga synanyşyp başlandygyny aýtdy.