Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: geçen 24 sagatyň boýunda 1,082,826 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, şu wagta çenli 41 million 809 müň 85 adam korona sanjymynyň ilkinji dozasyny aldy, 16 million 950 müň 755 adam ikinji dozany aldy we ýygnagda sanjymlaryň umumy sany 58 million 759 müň 840 dozada ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi korona wirusy sebäpli ýurtda 238 adamyň ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 238 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 121,347-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 14,607 täze hassanyň tapylandygyny we olardan iki müň-den gowragynyň keselhanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.
Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 5,638,735 adama ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 5 million 115 müň 796 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.