Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň boýunda kowid 19 ýokaşan 216 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 121,779-a ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 10,497 täze hassanyň tapylandygyny yglan etdi.
Hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 5,662,458 adama ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 5 million 153 müň 48 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, şu wagta çenli 42 million 921 müň 221 adam korona sanjymynyň ilkinji dozasyny aldy we 17 million 496 müň 724 adam ikinji dozany aldy we ýygnagda sanjymlaryň umumy sany 60 million 417 müň 945 dozada ýetdi.