Eýran bilen Orsýet hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär
Eýranyň we Orsýetiň Daşary işler ministrleri duşuşyp, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ünsi çekdiler.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian we Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow şu gün Moskwada duşuşyp, dürli ikitaraplaýyn we sebitleýin ugurlarda iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nygtadylar.
Lawrow bu duşuşykda Korona epidemiýasyna garamazdan, yzygiderli syýasy derejelerde, şol sanda iki prezidentiň derejesinde gepleşikler geçirýäris diýdi.
Russiýanyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda gepleşikleriň täze sebäbi Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna goşulmagy, emma gepleşikleriň esasy ileri tutulýan ýeri ýadro şertnamasydyr diýdi.
Lawrow şeýle-de ýadro şertnamasynyň goşmaça meseleler bolmazdan durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri duşuşykda: Iki prezidentiň arasyndaky gatnaşyk we bu sapar bu gepleşikleriň we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategikdigini tassyklaýar diýdi.
Amir Abdullahian sözüni dowam etdirip: täze gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda çynlakaý ösüşi gazanmak üçin tagalla edilmelidir diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri: Sebitleýin we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz bar we şu gün has köp gepleşik geçireris we söwda hyzmatdaşlygynyň ösüşine ünsi çekeris diýdi.
Amir Abdullahian şeýle-de bu sapar Günorta Kawkaz, Ýemen we Owganystan ýaly halkara özgerişler barada gürleşmek üçin gowy pursatdyr diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian Moskwa baran wagtynda beren gürrüňlerinde Tähran rus resmileriniň serhetleriň üýtgemegine, terrorçylaryň bolmagyna we sebitdäki parahatçylyga, durnuklylyga we howpsuzlyga garşy hereket edýän sionist režimiň hereketlerine duýgur bolmagyna garaşýar diýdi.