Amir Abdullahian Liwanda Hizbulla hereketiniň baş sekretary bilen duşuşdy
Eýranyň Daşary işler ministri Liwanda Hizbulla hereketiniň Baş sekretary bilen duşuşyp, Liwanda we sebitde bolup geçen soňky syýasy wakalary ara alyp maslahatlaşdy.
IRNA habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian, Liwan Hizbullahynyň Baş sekretary Seýed Hasan Nasrollah bilen bolan duşuşygynda Eýranyň Liwana bolan pozisiýasynyň durnuklydygyny, we bu ýurda ähli ugurlarda goldaw berjekdigini aýtdy.
Liwan Hizbullahynyň Baş sekretary Seýed Hasan Nasrollah hem Eýranyň dostlaryny ýeke goýmaýan çyn ýürekden ýaran we wepaly dostdygyny subut edendigini aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasyna onlarça ýyllap Liwanyň hökümetiň we milletiň ýanynda durmagy üçin minnetdarlyk bildirdi.