Eýranyň prezidenti: Döwlet gämi gurluşyk pudagyny goldaýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13802-eýranyň_prezidenti_döwlet_gämi_gurluşyk_pudagyny_goldaýar
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti döwletiň gämi gurluşyk pudagynda tehnologiýanyň lokallaşdyrylmagyny goldaýandygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 08, 2021 11:51 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti: Döwlet gämi gurluşyk pudagyny goldaýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti döwletiň gämi gurluşyk pudagynda tehnologiýanyň lokallaşdyrylmagyny goldaýandygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Seýed Ybraýym Raisi" anna güni Buşer welaýatyna (Eýranyň günortasy) altynjy welaýat sapary wagtynda beren gürrüňlerinde dürli synplarda gämileriň dizaýny we gurluşygy üçin ýerine ýetirilen işler, goranyş tarapy bolan mahaly öz-özüni üpjün etmegiň beýanydyr diýdi.

Raisi sözüni dowam etdirip: Bu çäreler deňiz ykdysadyýetini işjeňleşdirmekde we ýurtdan walýutanyň çykmagynyň öňüni almakda möhüm rol oýnaýar diýdi.

Eýranyň prezidenti, Sepah Pasdaranynyň deňiz güýjüniň Amerikan agressiýalaryna garşy durmaklarynyň ýyl dönümine gabat gelýän bu saparda daşary ýurtlularyň çozuşyna garşy batyrgaýlyk bilen çykyş eden şehitleri hatyralady.

Raisi, IRGC-iň Şahid Mahallati deňiz institutyna gatnaşyp, Şahid Soleimani gämisiniň we dürli deňiz gämileriniň gurluşygy we tamamlaýyş tapgyrlary bilen ýakyndan tanyşdy.

Eýranyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi şu gün anna güni Buşer welaýatyna eden saparynyň dowamynda Sadra senagat adasynda bardy.

Saparyň dowamynda Raisi: Dürli senagat pudaklarynda öz-özüni üpjün etmek üçin edilýän tagallalar aslynda global ezijileriň zyýada talaplygyna garşy göreşiň nyşanydyr diýmek bilen bu ugurdan hereket eden her bir işçi we telekeçi köpisleýjilere garşy durmak ýolundadyr diýdi.