Raisi: Bushehr atom elektrik stansiýasynyň kuwwaty üç esse artar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13810-raisi_bushehr_atom_elektrik_stansiýasynyň_kuwwaty_üç_esse_artar
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Buşer atom elektrik stansiýasynyň ösüş döwründe elektrik energiýasynyň öndürilişiniň mukdary üç esse artjakdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 08, 2021 17:41 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Bushehr atom elektrik stansiýasynyň kuwwaty üç esse artar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Buşer atom elektrik stansiýasynyň ösüş döwründe elektrik energiýasynyň öndürilişiniň mukdary üç esse artjakdygyny aýtdy.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi anna güni Buşer atom elektrik stansiýasynyň dürli ýerlerini we ösüş tapgyrlaryny baryp görenden soň habarçylaryň arasynda çykyş edip Eýran Yslam Respublikasynyň kesgitli syýasaty parahatçylykly ýadro energiýasyny ulanmakdyr we biz ondan ýüz öwürmeris diýdi.

Raisi bu meselede Atom Energiýasy Guramasynyň missiýasy ýurtda ýadro energiýasyndan on müň megawat elektrik öndürmek kesgitlenendigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sözüni dowam etdirip: Sebitdäki ilkinji ykdysady, ylmy we tehnologiki pozisiýany gazanmak, iň soňky halkara ülňülerine laýyklykda ýadro pudagynyň durnukly ösüşi üçin paýhasly we maksada okgunly meýilnamalaşdyrylmagyny talap edýär diýdi.

Raisi şeýle-de geljekde ýadro bilimleri ýurtlaryň ylmy ösüşini we ägirt uly ösüşini kesgitlejekdigini şoňa görä dünýädäki ylmy hereketiň kerweninden yza galmaly däldigini aýtmak bilen ýadro bilimleriniň ep-esli ösmegi beýleki tehnologiýalaryň we usullaryň ösmegine sebäp bolar diýdi.

Kuwwaty 1000 MWt bolan Bushehr atom elektrik stansiýasynyň ilkinji bölümi 2011-nji ýylda milli elektrik toruna birikdirildi.

2019-njy ýylyň 10-njy noýabrynda hem Bushehr atom elektrik stansiýasynyň 2-nji bölüminiň beton guýmak dabarasy geçirildi.