Galibaf: Etnik we dini gozgalaň Owganystanyň duşmanlarynyň täze taslamasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13846-galibaf_etnik_we_dini_gozgalaň_owganystanyň_duşmanlarynyň_täze_taslamasy
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Kunduz şäherindäki metjitde Takfiri terrorçylarynyň wagşy jenaýatyny ýazgardy we etnik we dini gozgalaňlary owgan halkynyň duşmanlarynyň täze howpsuzlyk taslamasy hökmünde häsiýetlendirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 10, 2021 14:13 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Etnik we dini gozgalaň Owganystanyň duşmanlarynyň täze taslamasy

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Kunduz şäherindäki metjitde Takfiri terrorçylarynyň wagşy jenaýatyny ýazgardy we etnik we dini gozgalaňlary owgan halkynyň duşmanlarynyň täze howpsuzlyk taslamasy hökmünde häsiýetlendirdi.

Muhammet Bager Galibaf ýekşenbe güni Yslam şura mejlisiniň  açyk mejlisiniň başynda Owganystanyň Kunduz şäherindäki metjitde bolup geçen ganly waka barada durup geçdi we Gynansagam, Kunduzdaky Seýid Abad metjidinde Owganystanyň köp sanly goragsyz we bigünä halkynyň şehit bolmagy dünýäniň ähli erkin halkynyň ýüregine agyr degdi. Bu pajygaly ýitgi üçin owgan doganlarymyza gynanjymy bildirýärin we bu hadysada şehit bolanlaryň galanlaryna sabyr  soraýaryn diýdi.

Kalibaf Takfiri terrorçylarynyň wagşy jenaýatyny ýazgarmak bilen bir wagtda Owgan häkimiýetleri bu ýurduň ilatynyň hersiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin jogapkärdir we bu betbagtçylykly wakany günäkärleýänleri we esaslandyryjylary jezalandyrmakdan başga-da, şeýle hadysalaryň gaýtalanmazlygy üçin zerur çäreleri görmelidirler diýip sözüne goşdy.