Amir Abdullahian Yragyň parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegini gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Yragyň Daşary işler ministrine iberen ýüzlenmesinde bu ýurtda parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegini gutlady.
Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýine iberen hatynda Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian Yragy demokratiýanyň nyşany hökmünde parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Eýranyň Daşary işler ministri bu sargydynda halkyň we saýlanan wekilleriň ylalaşygy we duýgudaşlygy, şeýle hem Yrakda täze döwletiň gurulmagy bilen ýurduň durnuklylyga we gülläp ösüş ýoluna girmegine umyt bildirdi.
Şeýle hem Amir Abdullahian, Eýranyň Yragyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny goldaýandygyny mälim etmek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
Düýn (duşenbe) Yrak parlament saýlawlary geçirildi.