Galibaf: Duşmanlaryň metbugat urşy ykdysady söweşden öňe geçdi
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy duşmanlaryň metbugat söweşiniň ykdysady söweşden öňe geçendigine yşarat edip hatda rewolýusiýanyň duşmanlary ykdysady söweşde ýeňiş gazanmak üçin metbugat söweşinden peýdalanýarlar diýip beýan etdir.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň mejlis başlygy "Muhammet Bager Galibaf şu gün, sişenbe güni geçirilen çydam frontyny we mukaddes ýerleriň goragçylary hakda iň gowy eserleriniň iki ýyllyk saýlanmagynyň ýapylyş dabarasynda eden çykyşynda Ymam Homeýniniň(RA) we Yslam Rewolýusiýasynyň enteşeleriniň soňky onýyllykda öran peýdaly bolandygyna yşarat edip bu meseläniň güýçli duşmanlaryň garşysynda durmaklygy başardandyr diýdi.
Galibaf sözüniň dowamynda Ylahy däp-dessurlaryň we halka ynanmagyň kömegi, mukaddes ýerleriň goralmagyna şeýle-de terrorçy DAEŞ toparynyň ýeňilmegine sebäp boldy bu bir ýagdaýdadyr welin hiç bir goşun DAEŞ-e garşy durup bilmedi diýdi.
Şehit Hamedani ady bilen geçirilen şu günki dabaranyň ahyrynda iň oňat neşirýatçylar we ýazyjylar we mukaddes ýerleri goramakda şehit bolanlaryň maşgalalary hormatlandylar.