Galibaf: Günbatar Aziýada ABŞ-nyň dartgynlyk döretmek ugurdaky hereketleri dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13952-galibaf_günbatar_aziýada_abŞ_nyň_dartgynlyk_döretmek_ugurdaky_hereketleri_dowam_edýär
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günbatar Aziýadaky dartgynly hereketleri dowam edýär diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 17, 2021 17:24 Asia/Ashgabat
  • Galibaf:  Günbatar Aziýada ABŞ-nyň dartgynlyk döretmek ugurdaky hereketleri dowam edýär

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günbatar Aziýadaky dartgynly hereketleri dowam edýär diýdi.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf" şu gün (ýekşenbe) mejlisiň açyk mejlisinde: "Günbatar Aziýa sebiti häzirki wagtda gaty duýgur ýagdaýda we sebit ýurtlaryny raýat urşlaryna çekmek üçin çylşyrymly meýilnamalar durmuşa geçirilýär diýdi.

Galibaf sözüniň dowamynda "Şeýle hem, ykdysady hyzmatdaşlygyň we sebitde dowamly parahatçylygyň ýola goýulmagynyň öňüni almak üçin sebit ýurtlarynyň arasynda düşünişmezlik döretmek ABŞ we onuň ýaran güýçleriniň gün tertibindedir diýip açyklady.