Amir Abdullahian: Eýran Yrakdaky durnuklylygy hemişe garşylaýar
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Yragyň öňki premýer-ministri bilen bolan duşuşygynda Tähranyň Yragyň parahatçylygyny we durnuklylygyny şeýle-de sebit gatnaşyklarynda konstruktiw roluny elmydama garşy alýandygyny we Yrak halkynyň syýasy kararlaryna hormat goýýandygyny aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Hüseýin Amir Abdullahian sişenbe güni Yragyň öňki premýer-ministri Adel Abdul Mahdi bilen bolan duşuşygynda iki ýurdy hemişelik dost we dogan hökmündedigini agzap Tähran bilen Bagdadyň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni we gümanitar gatnaşyklary mundan beýläk hem artyp bolar diýip beýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Abdul Mahdi we hökümetiniň Yragyň premýer-ministriniň döwründe iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek ugrundaky hereketlerine ýokary baha bermek bilen Eýranyň Yrak hökümeti bilen gatnaşyklary ösdürmegi ýüregine düwendigini aýtdy.
Bu duşuşykda Abdul Mahdi dürli ugurlar boýunça Eýran bilen Yragyň arasyndaky köp sanly umumylyklara yşarat edip olary iki ýurduň hökümetiň we halkynyň ýakynlygy üçin uly baýlyk hasaplady.