Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14130-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 159 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 28, 2021 14:43 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 159 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 159 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 125,875-e ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 11 müň 409 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 5,899,509-a ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 468 müň 620 näsag Eýranyň keselhanalaryndan gutuldy ýa-da boşadyldy.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi gecen 24 sagatda ýurtda bir million, 78 müň 464 doza korona sanjymy sanjym edildi diýip habar berdi.

Saglygy goraýyş ministrligi birinji dozany 52 million 59 müň 237 adamyň, ikinji dozany 32 million 468 müň 800 adamyň we korona sanjymynyň üçünji dozasyny 80 müň 343 adamyň alandygyny we ýygnagda Eýranda sanjymlaryň umumy sany 84 million 608 müň 380 dozada ýetendigini habar berdi.