Zanganeh: Eýran-Ýewraziýa gatnaşyklaryny giňeltmek üçin oňat mümkinçilik bardyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14138-zanganeh_eýran_Ýewraziýa_gatnaşyklaryny_giňeltmek_üçin_oňat_mümkinçilik_bardyr
Eýranyň Golestan welaýatynyň gubernatory: Eýran-Ýewraziýa gatnaşyklaryny giňeltmek üçin oňat mümkinçilik döredildi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 30, 2021 11:20 Asia/Ashgabat
  • Zanganeh: Eýran-Ýewraziýa gatnaşyklaryny giňeltmek üçin oňat mümkinçilik bardyr

Eýranyň Golestan welaýatynyň gubernatory: Eýran-Ýewraziýa gatnaşyklaryny giňeltmek üçin oňat mümkinçilik döredildi diýdi.

Eýranyň demirgazygyndaky Golestanyň gubernatory "Ali Muhammet Zanganeh" IRNA-a beren interwýusynda 13-nji hökümetiň Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen demirýol alyş çalyşlaryň mukdaryny köpeltmek we bu pudagyň meselelerini çözmek baradaky soňky şertnamalaryna ünsi çekip: ‌ Hökümetiň Ýewraziýa bilen eksport päsgelçiliklerini çözmek karary welaýat üçin ajaýyp mümkinçilikdir diýdi.

Zanganeh şeýle-de: Hökümetiň Ýewraziýa ýurtlary, esasanam Türkmenistan bilen söwdanyň ösmegindäki päsgelçilikleri çözmek baradaky karary öz miwesini berer we bu çemeleşme Golestan welaýaty üçin bu sebitiň maksatly bazarlaryny eýelemek üçin ajaýyp mümkinçilikdir diýip sözlerine goşdy.

Golestanyň gubernatory sözüniň dowamynda goňşy ýurtlar bilen eksportyň we söwdanyň artmagy bu welaýatda gülläp ösmek we ösüş üçin esasy şertleriň biridir diýip nygtady.

Zanganehiň aýtmagyna görää: Golestan welaýatynyň maldarçylyk, oba hojalygy, magdançylyk we balykçylyk önümleri öndürmekdäki köp artykmaçlyklaryny göz öňünde tutup, Golestanda ulanylmaly gowy eksport potensialy bardyr.