Galibaf: Eziji güýçlere garşy durmak Eýran halkynyň iň akylly jemgyýetçilik hereketidir
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy: Eziji güýçlere garşy durmak we ýurduň bähbitlerini goramak, agzybirlik we milli howpsuzlyk Eýran halkynyň iň akylly jemgyýetçilik hereketidir diýdi.
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf" şu gün (çarşenbe) Mejlisiň açyk oturşygynyň gün tertibiniň öňüsyrasynda eden çykyşynda Global ulumsylyga garşy göreş güni bolan Abanyň 13-nji gününi gadyrlap: Bu taryhy günde Hezret Ymam Homeýniniň(RA) tarapdarlary bolan ýokary okuwçylary içaly merkezini batyrgaýlyk bilen ele aldylar diýip beýan etdi.
Galibaf sözüniň dowamynda: Ýokary okuwçylar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halka garşy şahsyýetini we dahylçylykly keşbini bütin dünýä görkezdiler we täze bir bap bellediler diýdi.
Içaly merkeziniň ele geçirilmegi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we beýleki ulumsy režimleriň zorlugy we gatyşmagy sebäpli adalat gözleýänler we hakykaty gözleýänler üçin täze bapyň başlangyjy boldy.
Galibaf şeýle hem Eýran halkynyň rewolýusiýadan soňky ýyllaryň dowamynda ulumsylaryň zor aýtmalaryna garşy hereket etmegi doly akylly we milli bähbitlere laýyk gelendir diýdi.