Şamhani: ABŞ-nyň ygtyýarlygy bolmadyk prezidenti kepillik bermekden ýüz öwürýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14208-Şamhani_abŞ_nyň_ygtyýarlygy_bolmadyk_prezidenti_kepillik_bermekden_ýüz_öwürýär
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň ygtyýarsyzdygyny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 03, 2021 14:00 Asia/Ashgabat
  • Şamhani: ABŞ-nyň ygtyýarlygy bolmadyk prezidenti kepillik bermekden ýüz öwürýär

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň ygtyýarsyzdygyny yglan etdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani şu gün (çarşenbe) ABŞ-nyň resmileriniň şu günler beren beýanatlaryna jogap hökmünde  twit ýazyp: Uruş döwründe we häzirki wagtda gepleşik geçirmek çakylygynyň öwrediji meňzeşlikleri bardyr diýdi.

Şamhani sözüni dowam etdirip: Saddamyň hüjümleri dowam etdi, sanksiýalar dowam edýär, Eýranyň bir bölegini duşman basyp aldy, Eýran halkynyň ykdysadyýeti zamun alyndy, söweşijiler frontda goraýardylar, alymlar kanuny ýadro işlerini dowam etdirýärler; Emma şondan gelende duşmanyň akyllanmagyndan we oýanmagyndan hiç bir alamat görünmedi diýip ýazdy.

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary başga bir twitinde ygtyýarlygy bolmadyk ABŞ-nyň prezidentiniň kepillik bermek islemeýändigini aýtmak bilen häzirki ýagdaý üýtgemese, gepleşikleriň netijesi eýýäm aýdyňdir diýdi.

Şamhani: Şu gün bilen söweş günleriniň arasyndaky tapawut Ynkylapyň bereketinden, Eýranyň hemme taraplaýyn garşylygy we güýji sebäpli ýerli, üznüksiz we içerki mümkinçiliklere esaslanmakdyr diýdi.