Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14234-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 147 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 03, 2021 18:52 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 147 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 147 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 126,763-e ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 10 müň 368 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 5,954,962-e ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 547 müň 349 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldylar.

Saglygy goraýyş ministrligi korona sanjymynyň birinji dozasyny 53 million 310 müň 456 adamyň, ikinji dozasyny 36 million 655 müň 534 adamyň we üçünji dozasyny 102 müň 866 adamyň alandygyny we ýygnagda Eýranda sanjymlaryň umumy sany 90 million 68 müň 865 dozada ýetendigini habar berdi.