Amir Abdullahian: Tähran-Baku gatnaşyklary oňyn goňşyçylyk ýolundadyr
Eýranyň Daşary işler ministri: Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar oňyn goňşyçylyk ýolundadyr diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir-Abdullahian" Yslam Respublikasynyň goňşularyny garyndaşlary hasaplaýandygyny aýtmak bilen elbet-de käbir meseleler boýunça dürli pikirler bolup biler, ýöne päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin iki tarapdan çynlakaý erkiň bolmagy möhümdir diýdi.
Amir Abdullahian şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri" Jeýhun Baýramow "bilen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek we düşünişmezlikleri ýeňip geçmek üçin oňyn aragatnaşyklaryny we geňeşmelerini dowam etdirjekdigini aýtdy.
Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ylham Alyýew ýaňy-ýakynda Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň wirtual sammitinde hakykata laýyk däl bir söz aýtdy: Ol şonda Eýran bilen ylalaşyp, Ermenistan Azerbaýjan Respublikasynyň ozalky basyp alan ýerlerinden 30 ýyl töweregi Ýewropa neşe gaçakçylygy üçin peýdalanypdy diýip toslady.