Amir Abdullahian: Tähran-Baku gatnaşyklary oňyn goňşyçylyk ýolundadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14246-amir_abdullahian_tähran_baku_gatnaşyklary_oňyn_goňşyçylyk_ýolundadyr
Eýranyň Daşary işler ministri: Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar oňyn goňşyçylyk ýolundadyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 05, 2021 11:54 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Tähran-Baku gatnaşyklary oňyn goňşyçylyk ýolundadyr

Eýranyň Daşary işler ministri: Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar oňyn goňşyçylyk ýolundadyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir-Abdullahian" Yslam Respublikasynyň goňşularyny garyndaşlary hasaplaýandygyny aýtmak bilen elbet-de käbir meseleler boýunça dürli pikirler bolup biler, ýöne päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin iki tarapdan çynlakaý erkiň bolmagy möhümdir diýdi.

Amir Abdullahian şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri" Jeýhun Baýramow "bilen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek we düşünişmezlikleri ýeňip geçmek üçin oňyn aragatnaşyklaryny we geňeşmelerini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ylham Alyýew ýaňy-ýakynda Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň wirtual sammitinde hakykata laýyk däl bir söz aýtdy: Ol şonda Eýran bilen ylalaşyp, Ermenistan Azerbaýjan Respublikasynyň ozalky basyp alan ýerlerinden 30 ýyl töweregi Ýewropa neşe gaçakçylygy üçin peýdalanypdy diýip toslady.