Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14250-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 132 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 05, 2021 12:48 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 132 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 132 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 127,053-e ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 8 müň 633 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 5,973,457-e ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 574 müň 246 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldylar.

Resmi statistikalara görä, korona wirusy dünýäde 249 milliondan gowrak adama ýokaşdy we 5 million 47 müňden gowrak adam kowid-19 keselinden öldi.