Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 126 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 126 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 127,299-a ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 7 müň 554 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 5,987,814-e ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 601 müň 764 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldylar.
Resmi statistikalara görä, korona wirusy dünýäde 250 milliondan gowrak adama ýokaşdy we 5 million 62 müňden gowrak adam kowid-19 keselinden öldi.