Dost we duşman üçin "Zulfaqar 1400 türgenleşiginiň" sargydy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14268-dost_we_duşman_üçin_zulfaqar_1400_türgenleşiginiň_sargydy
Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň metbugat sekretary, Oman deňzindäki Zulfagar 1400 türgenleşiginiň sargydyny Eýranyň halkyna, dostlaryna we duşmanlaryna düşündirdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Nov 07, 2021 15:33 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň metbugat sekretary, Oman deňzindäki Zulfagar 1400 türgenleşiginiň sargydyny Eýranyň halkyna, dostlaryna we duşmanlaryna düşündirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň metbugat sekretary ikinji brigada generaly Şahin Tagihani, Zulfagar 1400 goşunynyň Oman deňzinde geçiren türgenleşigi bilen baglanyşykly Eýranyň radio we telewideniýesiniň "Ruýdad" programmasyna şeýle diýdi: Goşun we ýaragly güýçler elmydama taýyn bolmaly, aslynda bu taýýarlygy saklamak we ösdürmek ýurtda we Eýran Yslam Respublikasynyň serhetlerinde dowamly parahatçylygyň kepili bolup durýar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň metbugat sekretary, goşunyň şu güne çenli geçiren ýüzlerçe türgenleşigine salgylanyp: Zulfaqar 1400 türgenleşiginde, eýranly we ýerli ýaraglary we enjamlary synap görmäge we howpda laýyk gelýän goşunda döredilen taktikalary barlamaga synanyşýarys diýdi.

Goşunyň metbugat sekretary şeýle hem: Sebitdäki dost we musulman ýurtlar bu nokadyň howpsuzlygynyň sebit ýurtlary tarapyndan üpjün edilýändigini bilmelidir we sebitara güýçlere mätäç däldiris diýdi.

Ikinji brigada generaly Amir Tagihani duşmanlara garap Yslam respublikasy we Eýranyň serhetleri barada hiç hili manysyz pikir etmäň sbäbi goşun we ýaragly güýçler jogap bermäge doly taýýardyrlar diýip duýduryş berdi.