Ruhani: yslamyň duşmanlaary bähbitlerini musulmanlaryň agzalalygynda görýärler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1427-ruhani_yslamyň_duşmanlaary_bähbitlerini_musulmanlaryň_agzalalygynda_görýärler
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani duşmanlar musulman ýurtlaryň agzybir bolmaklaryny halamaýarlar diýmek bilen yslamyň duşmanlary bähbitlerini musulmanlaryň agzalalygynda görýärler diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 17, 2018 17:03 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: yslamyň duşmanlaary bähbitlerini musulmanlaryň agzalalygynda görýärler

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani duşmanlar musulman ýurtlaryň agzybir bolmaklaryny halamaýarlar diýmek bilen yslamyň duşmanlary bähbitlerini musulmanlaryň agzalalygynda görýärler diýdi.

şu gün prezident Hasan Ruhani Tehranda Omanyň mejlis başlygy Halid helal naser Almamuli bilen geçiren duşuşygynda yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň parlamentara 13-nji konferensiýasynyň ähmiýetine yşarat edip musulman ýurtlaryň başlyklarynyň kynçylyklary çözmek ugurda geçirýän gepleşikleri sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ugurda möhüm ädim hasaplanýandyr diýip nygtady.

prezident Ruhani ýemende urşyň ýatyrylmalydygyny nygtap sebit ýurtlarynyň ylaýtada Eýran bilen Omanyň şu ugurdaky hyzmatdaşlyklary ýokary ähmigýete eýedir diýip sözüne goşdy.

Eýranyň döwlet baştutany şeýle-de Omanly maýagoýujylaryň Çabahar we jask erkin söwda sebitlerindäki Tehran goldaw berýändir dýipip yglan etdi.

Omanyň mejlis başlygy halid helal Naser Almamuli hem bu duşuşykda dünýäde  zulum astyndaky milletleri ylaýtada Palestina milletini goldamaklyga Eýran mydama ýörite üns berendir diýip nygtap geçdi.