Amir Abdullahian: Eýran gowy ylalaşyk gazanmak isleýär
Fransiýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri: Eýran gowy ylalaşyk gazanmak isleýär diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian we Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Iwes Le Drian şu gün (sişenbe) telefon arkaly söhbetdeşlikde dürli meseleler, şol sanda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we geljekde Wenada geçiriljek gepleşikler barada pikir alyşdylar.
Eýranyň Daşary işler ministri ýadro ylalaşygynyň häzirki ýagdaýynda ABŞ-nyň jogapkärçiligini we üç Ýewropa ýurdunyň dymmagynyň roluny ýada salyp, Eýran gowy ylalaşyk gazanmak isleýär, ýöne munuň beýleki tarapyň doly borçnamalaryna gaýdyp gelmegi we sanksiýalaryň netijeli we täsirleri ýatyrylmagy ýaly şertleri bardyr diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri, Eýranyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarda we ýadro gepleşiklerinde pragmatiki we netijelere gönükdirilen çemeleşmesiniň bardygyny aýtmak bilen Tähran-Paris geňeşmeleriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iş ýüzünde ösmegine alyp barjakdygyna umyt bildirdi.
Amir Abdullahian Eýrana we Fransiýanyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna yşarat edip şeýle diýdi: Eýran, birek-birege hormat goýmak we umumy bähbitlere esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösmegine taýýardyr we gatnaşyklary dürli ugurlarda hasam giňeldilip bilner.
Fransiýanyň Daşary işler ministri telefon arkaly eden çykyşynda Parisiň ähli taraplaryň ýadro gepleşiklerine gaýdyp gelmegini goldaýandygyny we bu meselede elinde baryny etjekdigini aýtmak bilen Wenada geçiriljek gepleşikleriň çalt depginde dowam etmegine umyt bildirdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Germaniýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde hem Sanksiýalary doly ýatyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
Germaniýaly kärdeşi Haýku Moss bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian sanksiýalaryň doly ýatyrylmagyny zerurlyk diýip atlandyrdy we häzirki ýagdaý üçin Amerikany günäkärlemek bilen güýç we haýbat atmak peýdaly däldyr we Eýran bolsa hyýaly gurluşyklara boýun bolmaz diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri bu söhbetdeşlikde iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça gowy hyzmatdaşlygyň taryhyna salgylanyp, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.