Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň Zulfagar 1400 bilelikdäki türgenleşigi soňlady
Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň Zulfagar 1400 bilelikdäki türgenleşigi, suüsti we suwasty gämileriň şol sanda bütinleýin Eýranly Dena gämisiniň parad geçirmeklary bilen tamamlady.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň Zulfagar 1400 bilelikdäki türgenleşiginde, Harby deňiz güýçleriniň ähli suüsti we suwasty gämi bölümleri, şol sanda bütinleýin Eýranly Dena gämisi, raketa atyjy, Tarik we Kadir suwasty gämileri Sahand serkerdelik gäminiň öňünde parad geçirdiler.
Bu paradda F-4 söweşijileri, Miraage we P3F gözleg uçarlary we Harby deňiz güýçleriniň dürli görnüşli dikuçarlary ýoldaşlyk etdiler.
goşunyň Zulfagar 1400 bilelikdäki maşkynyň soňky paradynda bar bolan enjamlar, sebitdäki bölümleriň kuwwatyna bil baglap, ulanylýan desgalaryň diňe bir bölegidir.
Şu gün (sişenbe) goşunyň Zulfagar 1400 bilelikdäki türgenleşiginiň ahyrynda goşunyň baş serkerdesi çykyş edip pilotsyz uçarlaryň we akylly oklaryň ulanylyşynyň hil we mukdar taýdan gowulaşmagy, şeýle hem ulgamlaryň, taktikalaryň, usullaryň, okuwlaryň, aragatnaşyk we güýçleriň arasyndaky utgaşdyryş we sinergiýa üstünlikli baha berilmegi iň oňat derejeleriň biri boldy diýdi.
goşunyň Zulfagar 1400 bilelikdäki türgenleşiginiň ýapylyş dabarasyna goşunyň baş serkerdesi we bir topar ýokary derejeli serkerdeler, hatam al-Anbiýa merkeziniň serkerdeliginiň serkerdebaşysynyň orunbasary, şeýle hem synçylar we serkerdeler goşunyň Howa, Deňiz Goranyşy we beýleki serkerdeler we wezipeli adamlar gatnaşdylar.