Galibaf: Jemgyýetiň ösüşi " biz başararys" -a baglydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Mejlis başlygy: Jemgyýetiň ösüşiniň "biz başararys" -a baglydygyny aýtdy.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň mejlis başlygy "Muhammet Bager Galibaf" şu gün (penşenbe) Sepah Pasdaran güýjüniň howa giňişliginde şehit bolanlaryň hatyralama çäresinde we Haj Hasan Tährani Moghaddamyň şehit bolmagynyň on ýyllygyny hatyralamak dabarasynda çykyş edip: Bu toplumyň söweşijileriniň tagallalary netijesinde howa giňişligi abraýyna öwrüldi we ýurduň gury ýerde, howada we deňizde howpsuzlygy kepillendirendigini aýtdy.
Galibaf sözüniň dowamynda: jemgyýetiň, bir toparyň, bir milletiň we bir ummatyň ösüşi we mertebesi bilen garaşlylygy we kemsidilmegi arasyndaky aralyk bir sözlemde olda "biz başararys" diýen sözdedir diýdi.
Eýranyň mejlis başlygy, Yslam Rewolýusiýasynyň mertebesini we beýikligini garaşsyzlyk ruhy we medeniýetimiz bilen baglanyşdyryp bolar diýmek bilen indi gury ýer, howa we deňiz ýaly dürli pudaklarda howpsuzlyk bu ruhuň kömegi bilen amala aşyrylýar diýdi.