Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14334-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 123 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 11, 2021 13:32 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 123 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 123 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 127,809-a ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 7 müň 539 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,19,947-e ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 656 müň 447 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldylar.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle-de geçen 24 sagatda ýurtda 772,237 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.