Seddigi: Yrakdaky we Owganystandaky şu günki meseleler Yslam dünýäsi üçin möhümdir
Tehranyň anna namazynyň hatyby Yrak we Owganystan meselelerini häzirki wagtda Yslam dünýäsi üçin möhüm hasaplady.
Hojjatoleslam "Kazem Seddigi" Tehranyň juma namazynda şu gün Yslam dünýäsiniň Yrak we Owganystan ýaly iki meselesine ünsi çekip ezijiler yslam köpçiligini bozmaga kast edendirler diiýp nygtady.
ol Yrakdaky wakalar barada durup geçip, sözüniň dowamynda Yrak hökümetinden we kazyýet ulgamyndan atyşyň netijelerini yzarlamagyny isleýäris diýdi.
Hojjatoleslam Seddigi Yslam bilen baglanyşykly başga bir meseläniň Owganystan meselesidigini aýtdyp ABŞ Owganystandan gaçdy, emma dildüwşük gutulmady. Ol ýerde DAEŞ bar we bu meseläni gün tertibiniň başynda goýdy diýip açyklady.
Ol sözüniň soňunda Yslam respublikasy we Eýranyň halky, sionistlere we ABŞ-a garşy göreşde garaşsyz, güýçli Owganystany isleýändigini aýtdy.