Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 124 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 124 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 128,042-e ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 4 müň 3064 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,031,575-e ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 680 müňden gowrak näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldylar.
Şeýle-de bu habara görä, geçen bir gije gündiziň boýunda Eýranda 621,154 dozada korona sanjymy sanjym edildi.
Saglygy goraýyş ministrligi korona sanjymynyň birinji dozasyny 55 million 576 müň 533 adamyň, ikinji dozasyny 42 million 183 müň 468 adamyň we üçünji dozasyny 421 müň 399 adamyň alandygyny we ýygnagda Eýranda sanjymlaryň umumy sany 98 million 181 müň 400 dozada ýetendigini habar berdi.