Gasemi: Harytlaryň tranziti Gyrgyzystan bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasy mowzugy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14378-gasemi_harytlaryň_tranziti_gyrgyzystan_bilen_ikitaraplaýyn_gepleşikleriň_esasy_mowzugy
Eýranyň ýollar we şähergurluşyk ministri, Bandar Abbasdan Gyrgyzystana harytlaryň göni üstaşyr geçirilmegi mümkinçiligini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 13, 2021 15:45 Asia/Ashgabat
  • Gasemi: Harytlaryň tranziti Gyrgyzystan bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasy mowzugy

Eýranyň ýollar we şähergurluşyk ministri, Bandar Abbasdan Gyrgyzystana harytlaryň göni üstaşyr geçirilmegi mümkinçiligini yglan etdi.

"Rostam Gasemi" şu gün (şenbe) Eýran bilen Gyrgyzystanyň Tähranda ykdysady hyzmatdaşlygyň bilelikdäki komissiýasynyň mejlisiniň çäginde EýranPress bilen aýratyn söhbetdeşliginde duşuşykda tranzit iki ýurduň arasynda möhüm we düýpli mesele hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy we Gyrgyzystanyň Ykdysadyýet ministri şu gün Bandar Abbasa we Bandar Şahid Rajaeýa sapar edip harytlaryň üstaşyr geçişini gözden geçirer diýdi.

Gasemi sözüniň dowamynda: Söwda, bilelikdäki maýa goýumlary we iki ýurduň arasynda bilelikdäki gaznanyň döredilmegi hem şu günki duşuşygyň esasy temalarynyň biri boldy diýip yglan etdi.

Ol şeýle hem iki ýurduň resmileriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek isleýändigini we Eýran we Gyrgyz taraplarynyň oba hojalygynda hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri şeýle-de Yslam respublikasynyň Gyrgyzystana maýa goýmaga taýýardygyny mälim etdi.

Eýran-Gyrgyzystanyň Bilelikdäki Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň mejlisiniň çäginde IranPress bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde şu gün (şenbe) Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary we Ykdysadyýet we maliýe ministri Danir Aman Geldiýew: Iki ýurduň maýadarlarna işlemek üçin ýerlik taýýarlandy diýdi.

Aman Geldiýew Gyrgyzystanyň Eýran bilen dürli ugurlarda, esasanam bilelikdäki kärhanalarda ykdysady hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini sözüniň üstüne goşdy.