Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14388-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 105 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 15, 2021 13:02 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 105 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 105 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 128,272-e ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 7 müň 494 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,045,212-e ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 708 müň 253 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldylar.

Şeýle-de bu habara görä, geçen bir gije gündiziň boýunda Eýranda 602,019 dozada korona sanjymy sanjym edildi.