Raisi, Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14400-raisi_putin_bilen_telefon_arkaly_söhbetdeşlik_geçirdi
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Russiýanyň prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde: "Eýran halkyna garşy ähli sanksiýalaryň ýatyrylmagy üçin ýadro gepleşiklerine çynlakaý çemeleşýäris" -diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 16, 2021 17:21 Asia/Ashgabat
  • Raisi, Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Russiýanyň prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde: "Eýran halkyna garşy ähli sanksiýalaryň ýatyrylmagy üçin ýadro gepleşiklerine çynlakaý çemeleşýäris" -diýdi.

Sişenbe güni Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putine telefon arkaly minnetdarlyk bildirdi we Eýran Yslam Respublikasynyň isleginiň Russiýa bilen söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdigini aýtdy.

"Raisi" sözüniň dowamynda "Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy gowulandyrmak prosesini gysga wagtda durmuşa geçirmek üçin uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň giňişleýin resminamasyny taýýarlamaga taýýar" diýip yglan etdi.

 Putin hem "Moskwa Tehranyň iki ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada täze resminama taýýarlamak baradaky tekliplerini goldaýar we biz ony gysga wagtda tamamlamagy we durmuşa geçirmegi ýüregimize düwdük" -diýdi.