Ynkylapyň ýokary lideri: Ýrduň ähli problemalary üçin ylmy çözgüt tapyp bolar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14402-ynkylapyň_ýokary_lideri_Ýrduň_ähli_problemalary_üçin_ylmy_çözgüt_tapyp_bolar
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Eýran milletiniň ýaşlarynyň saýlama ukyby, ýurduň ylmy boşlugyny dünýä ylymlary bilen doldurmaga, ylymyň global serhetlerinden geçmäge, täze yslam siwilizasiýasyny döretmäge we ýurduň ýagty gelejegini durmuşa geçirmäge ýol açyp biler diýdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 17, 2021 13:50 Asia/Ashgabat
  • Ynkylapyň ýokary lideri: Ýrduň ähli problemalary üçin ylmy çözgüt tapyp bolar

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Eýran milletiniň ýaşlarynyň saýlama ukyby, ýurduň ylmy boşlugyny dünýä ylymlary bilen doldurmaga, ylymyň global serhetlerinden geçmäge, täze yslam siwilizasiýasyny döretmäge we ýurduň ýagty gelejegini durmuşa geçirmäge ýol açyp biler diýdiler.

Çarşenbe güni Aýatolla Hameneý Hezretleri ýaş elitalar we ýokary ylmy zehinler bilen bolan duşuşygynda: Eýran halky potensial saýlama millet bolup durýar we şonuň üçin kolonialistler zehinlerini we ukyplaryny ýatdan çykarmak we hatda inkär etmek we "edip bilmeris" diýen uly ýalany kabul etmek üçin kolonialistler tarapyndan masgaraçylykly ýumşak söweşiň nyşany bolupdy diýip yglan etdiler.

Hezretleri şeýle-de: Eýranyň taryhynyň soňky 200 ýylynda, şol döwürdäki kolonialistler we hökümdarlar bu prosesi bes edip bilmejekdigini biragyzdan wagyz etdiler emma Eýran halkynyň rewolýusiýanyň ýeňşi bilen bu proses soňlady diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, äsgermezlik we talaňçylyk kolonialistleriň halklarda ukypsyzlygy ynandyrmakda iki sany goşmaça maksatdygyny aýtmak bilen şeýle diýdiler: Haçan-da bir millet mümkinçiliklerini äsgermezlik etse, talamak aňsat bolýar diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneý Hezretleri sözüniň dowamynda seresapsyzlygyň ýaramaz netijeleri barada Guranyň aç-açan aýatlaryna salgylanyp: Hudaý asmanlyk kitabynda duşmanyň ýeňil hüjüm etmek üçin ýaragyňy we emlägiňi äsgermezlik etmegini isleýändigini duýdurýar, bu häzirki wagtda dünýäde uçarmansyz howa ulaglary we raketalar bilen baglanyşykly basyşlary we jedelleri göz öňünde tutýar diýdiler.

Aýatolla Hameneý birnäçe ýyl ozal Eýranyň geljegi we dünýäni ylymda alyp barmagyň zerurlygy baradaky sözlerini ýada salmak bilen geljekde Eýran dünýä ylmynyň çeşmesine öwrülmek üçin we iň soňky ylmy açyşlara girmek üçin her kim pars dilini öwrenmeli bolar ýaly hereket etmelidigini aýdyp taryhyň käbir nokatlarynda, eýranlylar dünýä biliminiň başynda durýardylar we eýranly alymlaryň kitaplaryny Günbatar we Gündogaryň alymlary ýokary okuw jaýlarynda sapak berýärdiler diýip sözlerine goşdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bu ýagty we buýsançly geljege ýetmek üçin üç ädimiň zerurlygyny nygtadylar. Ol Hezretleriň garaýyşyndan Birinjisi: güýçli we uly tagallalar bilen dünýä ylymlarynyň ýokary derejesine ýetmek, ikinjisi: dünýä bilimleriniň serhetlerinden geçmek we adamzat jemgyýetine täze ylmy açyşlar hödürlemek, üçünjisi: peýdaly ylymlara esaslanýan täze yslam siwilizasiýasyny gurmakdyr.

 Hezretleri şeýle-de ýurduň meselelerini çözmegiň ýurduň ylmy jemgyýetiniň möhüm maksatlary hökmünde häsiýetlendirmek bilen suwproblemalary, daşky gurşaw, ulag, sosial zyýanlar, obalary terk etmek, pul, maliýe, salgyt, bank we önümçilik ulgamy ýaly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, ýurduň ähli problemalary üçin ylmy çözgüt tapyp boljakdygyny aýtdylar.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri "emeli intellekti" möhüm we geljekde boljak mesele hökmünde atlandyrdy we şeýle nygtadylar: Bu mesele dünýäniň geljegini dolandyrmakda möhüm rol oýnaýar şoňa görä, Eýran dünýädäki emeli intellekt boýunça iň gowy 10 ýurduň hataryna bolar ýaly tagalla edilmelidir diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, önümlerini içerde ulanmagyň bilimlere esaslanýan kompaniýalary ösdürmegiň we berkitmegiň zerurdygyny aýtmak bilen şeýle diýdiler: Bilime esaslanýan önüm içerde öndürilende, şuňa meňzeş import edilmeli däldir.