Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 104 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 104 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 128,956 adama ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 4 müň 340 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,077,438-e ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 783 müň 425 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldylar.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 56 million 653 müň 947 adam birinji dozany, 44 million 726 müň 47 adam ikinji dozany we 765 müň 235 adamy korona sanjymynyň üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 102 million 145 müň 229 dozada ýetdi.