Raisi: Söwda we maýa goýum ugurlarynda Eýran-Niderlandlar gatnaşyklary ösdürilmeli
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14480-raisi_söwda_we_maýa_goýum_ugurlarynda_eýran_niderlandlar_gatnaşyklary_ösdürilmeli
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran bilen Niderlandlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine ünsi çekip, tehnologiýa, esasanam daşky gurşaw we suw meselelerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 23, 2021 12:44 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Söwda we maýa goýum ugurlarynda Eýran-Niderlandlar gatnaşyklary ösdürilmeli

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran bilen Niderlandlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine ünsi çekip, tehnologiýa, esasanam daşky gurşaw we suw meselelerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy.

Seýed Ybraýym Raisi, Niderlandlaryň Tährandaky täze ilçisi "Fransisko Ýohan Mariýa Mullen" bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekmek bilen söwda, ykdysadyýet we medeniýet babatynda Eýran bilen Niderlandlaryň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän we taryhy gatnaşyklar bardyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Niderlandlar ýaly kök uran ýurtlar garaşsyz bolmaly we agalyk etýän häzirki garaýyşlaryň täsiri assynda bolmaly däldir diýdi.

Niderlandlarda ýüzlerçe metjidiň bardygyna ünsi çeken Raisi, musulmanlaryň hukuklaryna hormat goýmagyň Ýewropada medeniýeti we siwilizasiýany güýçlendirýändigini aýtdy we Niderlandlaryň söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna taýýarlygyny garşy almak bilen tehnologiýa, esasanam daşky gurşaw we suw meseleleri hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge çagyrdy.

Raisi şeýle-de häzirki wagtda adam hukuklary ulgamy ösýän ýurtlara basyş etmek üçin eziji düzgüne bahana boldy ýogsa byz dini we ynkylap taglymatlaryna esaslansak-da, Eýranda 4 million owganlynyň ýerleşdirilişi ýaly adam hukuklaryna hormat goýmagy maksat edinýäris diýip yglan etdi.

Niderlandlaryň Tährandaky täze ilçisi Fransisko Ýohan Mariýa Mullen hem Niderlandlar Patyşalygynyň prezident Raisi-e mähirli salamyny ýetirmek bilen Eýran-Niderlandlar gatnaşyklary 400 ýyllyk we Eýran hemişe biziň üçin möhüm söwda nokady bolupdy diýdi.

Ýohan Mariýa Mullen şeýle-de Eýran sebitde kuwwatly ýurt we iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýumlary üçin köp mümkinçilikler bar diýdi.

Ýohan Mariýa Mullen Owganystandaky ýagdaý barada durup geçip: Eýran Yslam Respublikasyndan köp sanly owgan bosgunyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şu gün şeýle-de Ispaniýa we Watikanyň Tährandaky täze ilçilerini hem kabul etdi.