Sardar Salami: Amerikanyň güýji gowşady
(last modified Tue, 23 Nov 2021 16:21:15 GMT )
Nov 23, 2021 21:21 Asia/Ashgabat
  • Sardar Salami: Amerikanyň güýji gowşady

Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi: Amerikanyň güýji gowşandyr diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi "general-maýor Huseýin Salami" şu gün (sişenbe) Talyp Basijiň döredilmeginiň ýyl dönüminde eden çykyşynda Amerikalylar rewolýusiýanyň başlangyç döwründe rewolýusiýanyň soňuna çykmak üçin geldiler sebäbi Amerikalylar Eýranyň ýeriň tarpyldap duran ýüregidigini bilýärdiler diýdi.

Sepahyň baş serkerdesi sözüniň dowamynda: Amerikalylar bu ýerde güýç hereketlendirijisi açylsa, Amerikanyň güýjiniň gowşajakdygyny we bu ýerdäki energiýa, pozisiýa, geosyýasat we medeniýet bolmasa güýçli bolup bilmejekdigini bilýärdiler diýip sözlerine goşdy.

Sardar Salami şeýle hem Eýranyň ABŞ-ny dolandyrýandygyny aýtdy.

Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi şeýle-de sanksiýalar atmosferasynda döreden zatlarymyzy ondan öň döredip bilmändik diýdi.

Sepahyň baş serkerdesiniň sözlerine görä: Häzirki wagtda ABŞ-da 40 million öýsüz-öwzarsyz adam köçelerde uklaýarlar we ýyllyk harby çykdajylary 700 milliard dollar we JIÖ-ni 14 trillion dollardan gowrak bolsada, 50 million adam açdyr.