Amir Abdullahian: Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek karary çynlakaý
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i14488-amir_abdullahian_eýranyň_halkara_atom_energiýasy_guramasy_bilen_hyzmatdaşlyk_etmek_karary_çynlakaý
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri bilen duşuşygynda: Eýranyň IAEA bilen hyzmatdaşlyk etmek karary çynlakaýdyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 23, 2021 18:37 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek karary çynlakaý

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri bilen duşuşygynda: Eýranyň IAEA bilen hyzmatdaşlyk etmek karary çynlakaýdyr diýdi.

Şu gün (sişenbe) Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossi bilen duşuşyp, Eýranyň Howpsuzlyk Ylalaşygy boýunça IAEA bilen konstruktiw gatnaşmak isleýändigini aýtmak bilen agentligiň baş müdiriniň sapary wagtynda iki tarapyň arasyndaky ynam we hyzmatdaşlygyň has-da güýçlenjekdigine umyt bildirdi.

Şeýle hem Eýranyň Daşary işler ministri Agentligiň tehniki, hünärmen we bitarap işiniň möhümdigini we daşary ýurt basyşlaryna üns bermezligiň zerurdygyny aýtdy.

Bu ýygnakda Agentligiň baş müdiri, Agentligiň tehniki, hünär we bitarap çemeleşmesine ünsi çekip, bu saparyny birek-birek bilen gürleşmek we düşünmek, meseleleri çözmek we Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek isleginiň alamaty hökmünde häsiýetlendirdi we agentligiň galan meseleleri Eýran Yslam Respublikasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ýakyn aýlarda çözmäge taýýardygyny mälim etdi.